Beýik işleriň badalgasy

18 Fewral 2021
1319

Täze taryhy eýýamda döwletimiziň berkararlygyny, döwrümiziň bagtyýarlygyny dabaralandyrýan işleriň her biri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti we çuňňur paýhasyndan, oýlanyşykly hem öňdengörüjilik bilen kabul edýän çözgütlerinden gözbaş alýar. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy ösdürmäge, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen Kararlary halka daýanyp amala aşyrýan beýik işleriň badalgasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň her birine möhüm ähmiýet berýär. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlislerini, iş maslahatlaryny geçirende döwlet durmuşyna degişli meselelere garap, öňde durýan wezipeleri kesgitläp, olaryň her biri boýunça çözgütleri kabul edýär.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».