Ýokary ruhubelentlige beslendi

17 Fewral 2021
1658

Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Balkan welaýaty boýunça wekilhanasynyň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Welaýat häkimliginde geçirilen dabarada Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige ýugrulan, bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasaty, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde alyp barýan köp ugurly işleri barada buýsanç bilen gürrüň edildi.

Bilşimiz ýaly, «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda parahatçylygy ündeýän, halklaryň ösüşine gönükdirilen hoşniýetli diplomatiýany alyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkara abraýy belent derejelere göterilýär. Berkarar ýurdumyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň, teklipleriniň bütin dünýäde giň goldawa eýe bolmagyny, ýörite Kararnamalar bilen berkidilmegini muňa subutnama hökmünde görkezmek bolar. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Diýarymyzyň aýdyň maksatlara we anyk ýörelgelere eýerýän daşary syýasaty döwletimiziň dünýädäki ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň möhüm ähmiýeti barada aýratyn nygtalyp geçilen çärede ata Watanymyzyň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny belende galdyrýan milli Liderimiziň başynyň dik, ömrüniň uzak, halklaryň abadançylygy ugrunda amala aşyrýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Muhammet MYRADOW.
Surata düşüren Andreý pakulow, «Balkan».