Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda täze gurulýan binalaryň içki we daşky bezeg aýratynlyklarynyň milli äheňde, hil derejesiniň ýokary bolmagy üçin taýsyz tagallalary edýär. Ýurdumyzyň binagärlik sungatynyň taryhy has irki döwürlerden gaýdýar. Häzirki wagtda binagärlik sungaty mähriban Arkadagymyzyň saýasynda täze ösüşlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň beýik desgalarynda dünýäniň binagärlik sungatynda gazananlary milli äheňde utgaşykly ulanylýar.
Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan ähli ulgamlara degişli bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň gurluşyklarynda mozaika bezeglerini ulanyp, kämil binagärlik sungatynyň dürdänelerini, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän şekilleri gurluşykçylarymyz ussatlyk bilen şekillendirmegi başarýarlar. Biz golaýda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Türkmen mahabat» kärhanasynda bolanymyzda, kärhananyň hünärmeni Jennet Gurbanmyradowa şeýle gürrüň berdi: