Zenan kalbynyň owazy

17 Fewral 2021
947

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini asylly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanatdylar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylynda baş baýrama bagyşlanyp çäreler, dabaralar geçirilýär. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça saýlama tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde işewür zenanlar Watanymyzy wasp edýän çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde TGM-niň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor Nabat Nurgeldiýewa 1-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem polkownik Başmyrat Berdinazarowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestriniň borçnama boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Merjen Makgyýewa baýrakly 2-nji orna mynasyp boldy.

«Esger».