Buýsançly ýyla sowgadymyz

17 Fewral 2021
1407

Garaşsyz Watanymyz ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ak ertirine barýar. Bu ýoluň rowaç almagy bolsa, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyň, ýurtlaryň arasynda ynanyşmagyň hem-de özara peýdaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine baglydyr.

Bagtyýarlyk zamanamyzyň üstümizdäki ýylynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň ýeňişli ýolunyň baş şygaryna şaýatlyk edýär. Bu şygar türkmen halkynyň Türkmenistan döwletimiziň mundan beýlägem gülläp ösmeginiň hatyrasyna parahat, asuda we abadan durmuşda döredijilikli zähmet çekjekdigini dünýä äşgär edýär.