Borç duýgusynyň talaby
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasaty Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da il-gün bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär. Adam hakdaky alada Garaşsyz, Bitarap döwletimizde kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmakda-da öz beýanyny tapýar. Raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we erkinlikleriniň goralmagy demokratik we hukuk döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.