Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşyp, elektrik togy ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň abadan ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryndan ugur alyp, biz, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri öz işimizde welaýatymyzyň ýaşaýyş jaýlarynda, edara-kärhanalarynda ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmazlygy üçin degişli işleri alyp barýarys. Şol bir wagtyň özünde elektrik ulgamlaryna hem aýratyn üns berip, näsaz enjamlary ýüze çykaryp, olaryň bejerilmegini gazanýarys.