Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy, şol sanda onuň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda ýylyň jemleri boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşigi geçirmek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen, indi birnäçe ýyl bäri geçirilip gelinýän bu bäsleşigiň jemi jemlenilende, welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça gazanylan iň ýokary netijeler nazara alynýar.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleri jemlendi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.