Abadançylygyň we rowaçlygyň kepili

16 Fewral 2021
1166

Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr. Ol Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, çäk bitewüliginiň, Konstitusiýany, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär» diýlip bellenilýär.

Ýurdumyzda prezidentlik institutynyň kemala gelmeginiň taryhyna ser salsak, döwlet dolandyryşynyň bu netijeli ulgamynyň özygtyýarlylygyň we döwlet garaşsyzlygynyň binýadynda emele gelendigini görmek bolýar. Şu nukdaýnazardan, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy toýlanylýan ýylda «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kadalary aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Garaşsyzlygyň taryhy hukuk çeşmeleriniň esasylarynyň biri bolan bu Kanunyň 2-nji bendinde Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň görnüşiniň respublikadygynyň, respublikada döwlet häkimiýetiniň eýesiniň halkdygynyň, onuň öz häkimiýetini gös-göni halk geňeşiniň we wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygynyň berkidilmegi, şeýle-de 3-nji bentde ýurduň bütin çäginde Konstitusiýanyň we kanunlaryň agalyk edýändiginiň kesgitlenmegi taryhy ähmiýete eýedir. Agzalan ýörelgeleýin kadalar soňra ýurdumyzyň Esasy Kanunynda özüniň döwrebap beýanyny tapmak bilen, ata Watanymyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşlerine, döwlet gurluşynyň we hukuk ulgamynyň kämilleşmegine oňaýly täsirini ýetirdi.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.