Her bir halkyň milli ýörelgeleriniň onuň döwlet derejesinde saýlap alan syýasy ugruna öwrülýändigine taryh şaýatlyk edýär. Her bir halk millet derejesine ýetmek üçin taryhyň belli bir döwründe özüniň milli gahrymanlaryny orta çykarypdyr. Şol gahrymanlar halkyň beýik ruhundan we aňyýetinden gözbaş alýan taglymatlary öňe sürmek bilen, belent derejelere ýetip, baky şöhrata mynasyp bolupdyr. Muny milli Liderimiziň: «Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýip, buýsançly nygtaýan jümlesi aýdyň görkezýär.
Ata Watanymyzyň mizemez hukuk we demokratik kökleri barada söhbet edilende, Oguz han, Mälik şa, Soltan Sanjar, Alp Arslan ýaly türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň nusgalyk binýadyny goýan ärler göz öňümizde janlanýar. Ine, şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýaş nesillerimizi şöhratly taryhymyzda uly yz galdyran şahsyýetlerimiziň mysalynda watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek babatda öňümizde anyk maksatlary goýýar. Döwlet Baştutanymyzyň okyjylaryň çuňňur söýgüsine mynasyp bolýan nusgalyk kitaplarynda berkarar döwletimiziň berk binýadynyň milli köklerden gözbaş alýandygy hem-de häzirki wagtda olaryň mynasyp dowam etdirilýändigi yzygiderli bellenýär. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi şol binýadyň sütünidir. Şöhratly taryha eýe türkmeniň döwletlilik ýörelgesi milletiň aňyýetini kemala getirip, jemgyýetiň gündelik durmuşynyň, özara gatnaşyklaryň özenine öwrülipdir. «Lebiz», «ynsap», «ygrar» diýen düşünjeler bilen berkidilen bu ýörelgeler dünýä halklary bilen gatnaşyklarymyzyň ygtybarly esasyny düzüpdir.