Eziz Diýarymyzyň döwrebap ulag ýollarynda hereket howpsuzlygyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki giň gerimli aladalarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem Belent Serkerdebaşymyz muňa hemişe aýratyn uly üns berýär. Arkadag Prezidentimiziň şeýle aladalarynyň netijesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek bolsa, bagtyýarlyk döwrümiziň asylly ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Ählumumy goldawa eýe bolýan biraýlyk herekete gatnaşyjy her bir raýatda ýokary jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemekde wajyp orny eýeleýär.
Mähriban Arkadagymyzyň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm talaplaryndan ugur alyp, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Ulag dolandyrylýan wagtynda onuň talap edilýän tizlikde sürülmeginiň, hüşgärligi elden bermezligiň, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm şertler bolup durýandygy baradaky söhbetler sürüjileriň arasynda geçirilýän düşündiriş çäreleriniň mazmunyny düzýär. Okuw-terbiýeçilik edaralarynda geçirýän çärelerimiz ýaş nesilleriň ýol hereketiniň düzgünlerini dogry we doly berjaý etmeklerini gazanmak maksadyna gönükdirilendir.