Baglar zeminiň zynaty

15 Fewral 2021
1152

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň, giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde mähriban Watanymyz ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyz toý-baýramlara, täze-täze üstünliklere beslenýär. Parahatçylyk we ynanyşmak — bu bagtyýarlygyň gözbaşy, ýurtda, maşgalada bagt nurunyň şatlyk bilen şugla saçyp durmagy.

Mähriban Arkadagymyzyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik syýasatynyň dabaralanmasynyň miweleri parahatçylykda, birek-birege ynanyşmakda, ýürekdeşlikde jemlenýär. Bagtyýarlygyň ägirt uly güýji her birimiziň kalbymyzy joşdurýar. Geçen 2020-nji ýylda şanly Bitaraplyk baýramçylygymyz mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ençeme iri desgalaryň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatynyň aýdyň dabaralanmasy bolup, her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyrdy.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».