Demokratiýanyň aýdyň ýoly bilen

15 Fewral 2021
1043

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer, öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hukuk özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berýär.

Ata-babalarymyzyň kämil demokratik, halk häkimiýetlilik ýörelgeleri esasynda ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde, Parlamentiň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler milli demokratiýanyň dabaralanmasynyň ýene bir aýdyň beýany boldy. Muny öňde boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri-de doly subut edýär.

Agamyrat AKYÝEW,
welaýat saýlaw toparynyň başlygy.