Parahatçylyk we ynanyşmak — türkmeniň ýörelgesi

15 Fewral 2021
1100

Şeýle at bilen golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler eýwanynda dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen maslahat üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Maslahaty TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Arslan Taganow açdy we hormatly Prezidentimiziň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda öňde goýan wezipelerini, beren tabşyryklaryny amal etmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler, üstümizdäki ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrmakda KA-nyň ähli derejedäki guramalarynyň guramaçylyk meseleleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi. Soňra TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjylary Mämmetdurdy Muhammedow, Jumagül Hojaýewa, tehniki gözegçisi Öremyrat Kulmedow, agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa dagy çykyş etdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna ilkinji günlerinden zer ýazgylary bilen girýän üstümizdäki ýylda hem türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden wagyz etmekde, hormatly Prezidentimiziň belent tutumlaryna işjeň goşulmakda öz öňlerinde durýan borçlar we wezipeler, olary ýerine ýetirmegiň ugurlary dogrusynda belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da, maslahatyň dowamynda üstümizdäki ýylda KA-nyň ilkinji guramalarynda geçiriljek hasabat-saýlawlar boýunça guramaçylyk meseleleriniň üstünde hem durlup geçildi. Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzy we agzybir halkymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ýörite habarçymyz.