Halkymyzyň gözbaşyny iňňän irki döwürden alyp gaýdýan toý däp-dessurlary ata-babalarymyzdan we ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli edep mekdebidir. Bu ýörgünli däp-dessurlarda, esasan, il-günüň agzybirligini, birek-birege sylag-hormatyny berkitmek, maşgala abadançylygyny gazanmak ýaly mukaddes ýörelgeler öňe sürlüp, ýagşydan-ýagşy niýet-arzuwlar edilýär. Häzirki döwrümizde hem giň gerimde dowam etdirilýän bu milli ýörelgelerimiz şahandaz halkymyzyň asyrlarboýy owadanlyga, gözellige we ruhubelent ýaşaýşa bolan gatnaşygyny äşgär edýär.
Gadymy döwürden bäri dowam edip gelýän milli toý däplerimize laýyklykda gyz durmuşa çykarylanda atasy ak pata berýär. Gyza pata berlende, köplenç, arzuw-islegler şahyrana, çeper söz bilen şeýle beýan edilýär: