Ömür-örküm aýdym bilen sazymdyr

15 Fewral 2021
1577

Tanymal bagşy-sazandalaryň haýsy biriniň ömür ýoluna ser salsaň, olaryň köpüsiniň döredijiliginiň mekdep ýyllarynda hereket eden aýdym-saz gurnagyndan baş alyp gaýdýandygyna göz ýetirýärsiň. Lebaply onlarça bagşy-sazandalaryň sungatdaky ilkinji ädimleri hem mekdep ýyllaryndan gözbaş alýar. Mekdep gurnagyndan aýdym-saza imrigen sazandalaryň biri-de Allanazar Hudaýnazarow bolmaly.

Ol ilkinji halypasy hökmünde mekdebiň aýdym-saz gurnagynyň ýolbaşçysy, mugallym Juma Annamämmedowy hormat bilen ýatlaýar. Medeni-köpçülik çärelerinde eden çykyşlary, bagşy Haýytly Mämmetdurdyýew bilen ýakyndan tanyş bolmagy onuň ykbalyny aýdym-saza baglaýar. Mandolina, skripka saz gurallarynda saz çalyp başlamagy onuň sungata bolan höwesini has-da artdyrýar. Skripkanyň gyjaga ýakynlygy Allanazarda şu milli saz guralyny çalmaga söýgi döredýär. Skripkanyň käbir basuwlarynyň, saz öwüşginleriniň gyjakda ulanylmagy sazyň labyzlylygyny artdyrýar.

Myratgeldi RAHYMOW,
saz sungatyny öwreniji.