Belent borja ygrarlylyk

14 Fewral 2021
1334

Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek jemgyýetde esasy meseleleriň biridir. Jemgyýetçilik nukdaýnazaryndan ata-babalarymyzdan bize miras galan iň gowy häsiýetler bolan watansöýüjiligi, namysjaňlygy, lebzihalallygy, ýeke sözlüligi, mertligi, dürli kynçylyklary ýeňip geçmegi, rehimdarlygy, ejize goldaw bermegi, maksada okgunlylygy, ynsanperwerliligi ýaşlarymyzyň aňyna ýetirmek wezipesini amal etmelidigini hem-de bu jogapkärli işe örän oýlanyşykly çemeleşmelidigini durmuş tejribesi görkezýär.

Terbiýe bermegiň möhüm kanunalaýyklygynyň biri-de adamlaryň özara paýhasly aragatnaşyk etmekleriniň we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklarynyň, olarda asylly jemgyýetçilik sypatlarynyň döremeginiň hem-de ösmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygydyr. Türkmen halkynda nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berilýär. Her bir terbiýeçilik işiniň gönezliginde milli mazmun, milli öwüşgin bar. Şahsyýetiň aňynda, kalbynda milli ruhy kemala gelip, ol ene hüwdüsi, diňlän ertekileri, atalaryň gahrymançylykly hekaýatlary, ýaşulularyň öwüt-nesihatlary, bagşylaryň dessanlary bilen, öz halkynyň hakyky perzendi bolup ýetişýär. Ata Watana, göbek ganyň daman topragyna, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nesillere miras goýan maddy we ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasymyza bolan söýgi, guwanç, buýsanç duýgulary tarp ýerden emele gelmeýär. Bu mukaddes söýginiň, guwanç hem buýsanç duýgularynyň köki, ilki bilen, maşgala terbiýesinden, görüm-göreldesinden gözbaş alýar.

Maksat ÇARYÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri.