Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz ösüşleriň belent sepgitlerini eýeleýär. Ak şäherimizde häzirki wagtda möhüm ähmiýetli, dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan beýik işler çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýuny bitirilen beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler bilen garşylaýar.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13, 14, 15, 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde dünýä ülňülerine laýyk gurlan döwrebap täsin ýaşaýyş jaýlarydyr dürli maksatly desgalar, ajaýyp ýollar, ösdürilip ýetişdirilen täsin baglar, al-elwan güller, bularyň ählisi, türkmen döwletiniň beýik ösüşlerinden habar berýär. Gurulýan desgalaryň ählisi hem, gözelligi we amatlylygy, öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri, döwrebap şertleri bilen görenleri haýrana goýýar. Şunda Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan täze binalaryň — 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň, ajaýyp ýoluň dünýäniň täze gazanan tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi türkmen paýtagtynyň döwür bilen deň gadam urýan beýik ösüşlerini nobatdaky gezek aýdyň şöhlelendirdi. Gözel paýtagtymyzda geçen sanlyja ýyllarda gurlan biri-birinden kaşaň köçelere, köşklere, gözel binalara syn edeniňde olarda ýaşaýan, zähmet çekýän, ylym-bilim alýan ildeşlerimiziň, döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň eşretli durmuşyna, mähriban Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine guwanjyň artýar.