Rahat ertirimiziň şuglasy

12 Fewral 2021
1403

Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllary jemgyýetimizde rowaçlanýan öňegidişliklere, taryhy wakalara mynasyp atlar bilen gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda üstümizdäki ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň sebitde we bütin dünýäde parahatçylyk söýüjilikli, birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýörelgelerini äşgär edýär. Bu ýörelge Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürilmeginiň ugrudyr. 2021-nji ýylyň ilkinji aýlarynda gazanylýan üstünlikler Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynyň dabaralanjakdygyna güwä geçýär.

TAP-nyň etrap komitetiniň işgärleri işjeň agzalarymyzyň kömek-goldawyna daýanyp, şanly ýylymyzda etrabymyz boýunça oba hojalyk ekinlerinden bol hasylyň alynmagyna gönükdirilen işlere ýakyndan ýardam berýärler. Ýaz ekişiniň golaý gelýän günlerinde daýhanlaryň aladasy artýar. Şonuň üçinem biz daýhanlary öňde durýan möhüm wezipelere jemlemek maksady bilen wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Öňdebaryjy kärendeçileriň höweslendirilmegem işleriň öňe gitmegine ýardam edýär.