Bereket etrabyndaky 19-njy orta mekdepde welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri barada çäre geçirildi. Onuň dowamynda okuwçylara interaktiw enjam arkaly ýollarda pyýadalaryň borçlary baradaky wideoşekil görkezildi. Şeýle-de, okuwçylaryň ýol hereketiniň düzgünlerine bolan düşünjelerini artdyrmak maksady bilen, ýol belgileriniň we ýolyşyklaryň hereketiň sazlaşygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada sorag-jogap alşyldy. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, hereket howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine has oýlanyşykly we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygy, bu babatda raýatlarymyzyň her biriniň şahsy jogapkärçiligini duýmalydygy nygtaldy.
Soňra mekdebiň kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleri esasynda guralan sergä syn edildi. Halkymyza ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, alyp barýan beýik işleriniň has-da rowaçlanmagy arzuw edildi.