Milli ýörelgelere ygrarlylyk

10 Fewral 2021
1239

Türkmen ýaşlaryny köpasyrlyk taryhy ýoluň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýelemek, watansöýüji, zähmetsöýer hem-de ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ata Watanymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli we ýokary aň-düşünjeli ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli esasda amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» halkymyzyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän şahsyýetleri kemala getirmek möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär.

Begençnazar BAÝLIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.