«Nesil terbiýesinde türkmençilik ýoly» atly toplumdan
Heňňamlary garradan halkymyzyň hiç bir milletiňkä meňzemeýän däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri, edim-gylymlary bar. Ata-babalarymyz ony biragyzdan «türkmençilik» diýip atlandyrypdyrlar. Uýýan dinimizdenem, gepleýän dilimizdenem has öň kemala gelen bu asylly ýol türkmeniň gany bilen girip, köňül köşgünde kemal tapypdyr. Ynsan gatnaşyklaryny ynsanperwerlik, rehimdarlyk, päklik, wepadarlyk ýaly ölçeg terezisine salyp, agyr ýüküni abraýyna öwren pederlerimiziň bu ýol-ýörelgesi ösüp gelýän ýaş nesilleriň şamçyragydyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda, ilkinji geçiren mejlisinde pederlerimizden gelýän däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda wagyz etmegiň wajypdygyny nygtap, ony terbiýeçilik işinde giňden peýdalanmak barada berk tabşyrdy. «Nesil» gazetiniň redaksiýasy milli Liderimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýaşlarymyzyň öz ata-babalary ýaly watansöýüji, zähmetsöýer, il-güne ygrarly, dost-ýara wepaly, päk ahlakly adamlar bolup ýetişmegine goşant goşmak maksady bilen, täze bir rubrika açmagy meýilleşdirdi. «Garaşsyzlyk we türkmençilik ýörelgeleri» atly bu rubrikamyzda göwnemakul milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, ýazylmadyk kada-kanunlarymyzyň, halkymyzy şan-şöhrata besläp gelen nusgalyk häsiýetlerimiziň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada gürrüň berler.