Mirasymyzyň nepis nusgasy

10 Fewral 2021
1620

Türkmeniň ak öýüniň duluny bezän gadymy horjunlar häzirki wagtda muzeý gymmatlyklarynyň hataryna girýär. Şol gymmatlyklary bir ýere jemlemek, aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek üçin adamzat muzeý diýilýän täsin dünýäni döredipdir.

Ine, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, bu ýerdäki gymmatlyklary synlasak, geçen müňýyllyklara syýahat eden ýaly bolýarys. Şeýdip asyrlaryň ýaňyna gulak asyp ýörşümize, etnografiýa bölüminde has üýtgeşik ýakymly duýgular kalbymyza dolýar. Sebäbi bu ýerdäki gymmatlyklaryň hersi — giden bir hazyna. Şolaryň hatarynda gadymy horjunlar hem ünsümizi özüne çekýär. Bu medeniýet ojagynda horjunlaryň öýdüme görnüşi hem bar. Öýdüme horjunlar «gylyç» diýlip atlandyrylan gural bilen dokalypdyr. Olaryň nagşy, ýüpi beýleki horjunlaryňkydan ýogynrak bolýar.

Gözel EREŞOWA,
Çärjew etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.