Bu gün 100 ýaşy arka atyp, bir asyryň şaýady bolan uruş hem zähmet weterany Hally Esenow, «Alla ýalkasa ýaş berer, bendesi ýalkasa — aş» diýlişi ýaly, Hakdan ýalkawly, il-günden sylagly adam. Onuň iki ogly, bir gyzy, on bäş agtygy, on ýedi çowlugy bar. Gyzy Bibisoltan Esenguly etrap çeper halyçylyk kärhanasynda halyçy bolup işläp, hormatly dynç alşa çykypdyr. Uly ogly Omargylyç «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde operator, körpesi Kerim Balkan sement zawodynda sürüji bolup zähmet çekýär. Gelinleri Ogultäçdir Rejepbibi geçmişiň şaýady, bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşulusy bolan gaýynatasynyň halkymyzyň milli edep kadalary barada berýän öwüt-ündewleriniň durmuşda hemişe özlerine goldaw bolýandygyny aýdýarlar.
Hally aga 1921-nji ýylyň 10-njy fewralynda Esenguly etrabynyň Ajyýap obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol 15 ýaşynda obada döredilen kolhozda hasapçy bolup işe başlaýar.