Göz edebi hakda oýlanyp...

8 Fewral 2021
1134

Ýaradylyşda janly-jandarlara (ynsana, haýwana) jemgyýet, tebigat bilen sazlaşygy emele getirmek üçin, birnäçe syna peşgeş berlipdir. Ötenlerimiz şol synalaryň durmuşda ulanylyş edebi hakynda türkmençilik ýol-ýörelgeleriniň kadalaryny hem bize miras goýup gidipdirler. Muňa Azadynyň, Magtymgulynyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Keý-Kowusyň, Mäne Babanyň, Lukman Hekimiň... ynsanperwer edebi ýadygärlikleri mysal bolup biler. Şeýle hem bu hakykaty Gahryman Arkadagymyzyň bize sowgat beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda getirilýän ençeme tymsallardyr rowaýatlar hem aýdyňlygy bilen subut edýär.

Men şu ýazgymda ynsan kowumyna bagyş edilen synalaryň diňe göz bilen baglanyşykly edep-terbiýesi hakynda gürrüň etmekligi maksat edindim. Göz diýen närse — adama daş-töweregimizdäki bolup geçýän ähli wakalary görmek üçin berlen syna. Her kim öz gözi bilen gören we görýän zatlary esasynda pikir ýöredip bilýär. Pederlerimiz «Gözüň görmeli zady-da bar, görmesiz zady-da bar» diýen taglyma gulluk edipdirler.

Hangylyç TAGANGYLYJOW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy, pensioner.