Ene mähri zyýada

8 Fewral 2021
1840

Durmuşda her bir zadyň öz lezzeti, süýji ýatlamasy bolýar. Meniň üçin enemiň mähriban keşbi, öwüt-ündewden pürepür mylaýym sesi, şirin hüwdüsi unudylmajak ýatlama, çagalyk ýyllarymyň bagtyýar günleri. Aramyzda bolmasa-da, süýji ýatlamalarymda ýaşaýan garry enem Bibi Pälwanowa çagalyk durmuşymyň aýrylmaz bölegi.

Ine, enem janyň hat-pet ýazmak üçin ulanan uly stoly. Ine-de, meniň doganym Abdyrahmandyr dostum Mekan bilen bileje oturan oturgyçlarymyz. Şu ýerde oturyp, garry enemiň okap berýän gyzykly ertekilerini «bir gulaga öwrülip» diňlärdik. Otagda ähli zat şol öňküligine dur, hiç zat üýtgemändir. Garry enem bize çagalykdan okap-ýazmagy öwretdi. Men garry enemiň otagyna ýygy-ýygydan barardym. Ol alymdy, taryh ylymlarynyň doktorydy, akademikdi. Hanha, otagdaky kitap tekjesinde onuň okan birgiden kitaplary dur. Mugallymymyz maňa: «Eneň otagy kitaphana meňzeýär, bärde ylymlaryň ähli ugruna degişli kitaplar bar, olar diýseň köp» diýerdi. Atamyň gürrüň bermegine görä, enem talyplyk ýyllarynda talyp hakynyň dörtden bir bölegini kitap satyn almaga sarp eder ekeni. Ine, şeýdip hem onuň şahsy kitaphanasy emele gelipdir.

Röwşen PÄLWANOW,
Aşgabat şäherindäki 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.