Bagtyýar döwrüň eýeleri

8 Fewral 2021
1099

Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde «Ýaşlar syýasaty –döwlet berkararlygynyň berk binýadydyr» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenleşikleriň geçirilişi bilen tanyşlygy mahalynda öňde goýan wezipelerinden hem-de ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, ýaşlarda milli mirasymyza, zähmete sarpany döretmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp geçirilen bu maslahata okuw jaýynyň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

Dabarada ilki bilen mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Nurýagdy Orazdurdyýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky döwlet syýasatynyň türkmen ýaşlary üçin döwrebap bilim-terbiýe almaga, kär-hünär öwrenmäge, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini giňden açmaga, ata Watanymyza wepaly ýaşlar, kämil şahsyýetler bolup ýetişmäge giň mümkinçilikleri döredýändigi dogrusynda täsirli gürrüň etdi.