Sazlaşykly hem bökdençsiz işledilýär

8 Fewral 2021
1089

Öňdebaryjy, iň täze inženerçilik-tehniki çözgütler esasynda Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde welaýat merkezinde gurlan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň zähmet topary ilaty we welaýatymyzyň çägindäki edara-kärhanalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde nusgalyk işleri alyp barýar. Ekologiýa taýdan arassa ýangyçda — tebigy gazda işleýän «General Electric» amerikan kompaniýasynyň gazturbinalarynyň ikisi oturdylan bu stansiýada häzirki zaman tehnologiýalarynyň ygtybarly ulanylmagy welaýatymyzyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ekologiýa taýdan howpsuz şertlerde ulanylýan bu stansiýanyň bökdençsiz işledilmegi welaýatymyzyň senagatynyň pajarlap ösmegine giň ýol açdy. Soňky ýyllarda welaýatymyzyň dürli künjeklerinde täze elektrik ulgamlarynyň çekilmegi, öňki hereket edýänleriniň onlarça kilometriniň abatlanylmagy, täze transformator beketleriniň we paýlaýjy ulgamlaryň ulanylmaga berilmegi elektrik energiýasynyň welaýatyň ähli ýerine bökdençsiz ýetirilmegine şert döredýär.

Öre HOJAÝEW,
öz habarçymyz.