Saýlawlara taýýarlyk görülýär

8 Fewral 2021
1037

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka öwrüljek bu çärä giňden taýýarlyk görülýär. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler.

Olaryň barşynda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiýalar, raýat toparlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary bolan wekilleriniň üsti bilen, Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärligi hödürläp bilýärler.

«Aşgabat».