Eltim — egindeşim

7 Fewral 2021
1243

Eltiler kalbymyzyň söýesi, kaddymyzyň gurbaty. Çünki eltiň bilen oňşukly bolsaň, ömrüň has manyly, ähmiýetli bolýar. Gaýyneneleriň ýakyn ýardamçysy, gaýynatalaryň köňül söýesi bolýan gelinler, eltiler durmuş diýilýän akabanyň sakasynda duran ajaýyp ynsanlardyr. Oba ýerlerinde bolanyňda köp gelinli öýlerde tomsuna peýwendi tuduň astyna keçe taşlap, gümür-ýamyr edip oturan agzybir eltileri göreniňde öz ýanyňdan buýsanýarsyň. Türkmen bir sözünde «Çöp bol, köp bol» diýýändir, şonuň ýaly köp eltili hojalyklaryň birtopar çülpe çagaly öýleriniň şadyýanlygyna şaýat bolanyňda, ýakynlygyň, garyndaşlygyň, köp çagalylygyň hakykatdan hem, ruhumyza mahsus ahwaldygyna düşünip galýarsyň. Ejeleri çaý içýärkä jagyl-da-jugul bolşup oýnaşyp ýören çagajyklar bolsa, elti gelinleriň göwünleriniň hoşy, kalplarynyň joşy bolup, olary has ysnyşdyrýar.

Özüm-ä ýüwürjimiň gelnini kalbyma juda ýakyn saýýan. Biz şeýle bir ysnyşypdyrys welin, hatda ol indi uýam ýaly bolup galypdyr. Saba bilen hal-ahwalyňy sorap jaň etmesi, käteler işiň çykanda çagalaryňa esewan bolmasy onuň adamkärçiliginiň belentdiginiň alamaty.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.