Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň wekilleriniň alyp barmagynda welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň agzalaryna saýlawlary geçirmekde usulyýet kömegini bermek maksady bilen, 2-3-nji fewralda ýerlerde okuw maslahatlary geçirildi.
Hünärmenler öz çykyşlarynda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we saýlaw toparlarynyň öňünde duran wezipeler bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Parlamentiň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy iki palataly ulgama geçenden soň ilkinji sapar geçirilýän Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary demokratiýany dabaralandyrmakda möhüm ädim bolup, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna, konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagyna halkymyzyň işjeň gatnaşdyrylmagyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda giň gerimde dowam edýän saýlaw möwsümi birnäçe tapgyrdan ybarat bolup, saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly wezipeler onuň esasyny düzýär.