Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda geçirilen bäsleşige dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby has içgin öwrenmegi, onuň terbiýeçilik ähmiýetini wagyz etmegi, kitabyň üsti bilen halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň, milli ruhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini, halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegini, türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramlylygyny hem-de eziz Diýarymyzyň dünýä nusgalyk ösüşlerini wagyz etmegi maksat edinen bäsleşige gatnaşanlar ýurdumyzyň ösüşlerini buýsanç bilen wasp etdiler. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan bir parçany labyzly okadylar. ªeýle-de eserde beýan edilen rowaýatlardan, wakalardan pursatlary sahnalaşdyrdylar. Kitabyň özlerinde galdyran täsirini çeper sözler bilen wasp etdiler, aýdymyň, dessanyň, goşgynyň, gazalyň üsti bilen ajaýyp eseriň waspyny ýetirdiler.