Kitaby labyzly okatmak

31 Ýanwar 2021
2150

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitapda “Ýüz okasaň ýat bolar, müň okasaň binýat bolar” diýen nakyl getirilýär. Bu, aslynda, ylym-bilim bermegiň milli tejribesi bilen bagly nakyl ekeni.

Ýaş nesle durnukly bilim bermegiň milli tejribesinde bar bolan, biziň döwrümizde täze mazmunda dowam etdirilýän ençeme usullar barada köp sanly maglumatlar duşýar. Ýokarky nakylyň mazmuny hem milli bilimde sapak berlişiniň bir usuly bilen baglanyşyklydyr.

Şöhrat ABDYÝEW.