Galkynan ylham

28 Ýanwar 2021
1492

Allaýar Çüriýewiň aýdymçy şahyrlygy onuň adaty şahyrlygyndan has ýokarda durýar. Bu-da, öz nobatynda, onuň goşgularynyň ýüregiňi gyjyklap, diliňi süýjüdip duran äheňinden ybarat.

Garaşsyzlygymyzy alalymyz bäri eýýäm 30 ýyla gadar wagt geçdi. Şu ýyllaryň içinde Türkmenistan döwleti köpugurly ösüşde ägirt uly ädimler ätdi. Elbetde, özbaşdak döwletde ýüz berýän täzelikleriň başynda Gahryman Arkadagymyzyň durandygy, ykdysady, maddy we ruhy galkynyşlarymyzyň gös-göni şol mertebeli at bilen baglanyşyklydygy şübhesiz bir hakykatdyr. Şunuň bilen birlikde halkyň umumy ýaşaýşyny, galkynyşlaryny çeper edebiýatsyz göz öňüne getirip bolmajakdygyny-da bellemek gerek.

Ahmet MÄMMEDOW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory.