Asylly terbiýe — milli ýörelge

28 Ýanwar 2021
2361

Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy bolup durýar. Şeýle talaplary dogry berjaý etmek çaganyň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda hem wajypdyr.

«Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilýär. Ýaş nesliň geljekde edep-ekramly, ynsanperwer, zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ata Watanymyzyň ýagty geljegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Çaga ekabyrlanandan soňra, onuň ýaşyna, ukybyna görä dürli ýumuşlary tabşyrmak, medeniýete, sungata, döredijilige çekmek talabalaýykdyr. Çaganyň dünýägaraýşyny, düşünjesini artdyrmakda ýörite çeper hekaýalaryň, matallaryň, rowaýatlaryň, terbiýeçilik ähmiýetli ertekileriň orny örän uludyr.

Tawus AŞYROWA,
Tejen etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.