Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmak babatda uly tagallalary edýär. Bu giň gerimli işler raýatlarymyzyň sagdyn bedenli we ruhubelent bolup ýaşamaklary baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr.