Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

12 Dekabr 2024
106

Gurbandurdy GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, toplumyň müdiri, podpolkownik:

— Hajy Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlamagy türkmen halkymyzyň öz Milli Liderine bolan söýgüsini, guwanjyny has-da artdyrdy. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň ýagşy däpleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Goý, Milli Liderimiziň halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetmegi üçin mukaddes toprakda iki rekagat namaz okap, eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!