Türki dünýä — gadymy kökleriň täze daragty

11 Dekabr 2024
182

Dünýä ösüşindäki öwrülişikler, üçünji müňýyllygyň täzeçe gatnaşyklary «türki dünýä» diýen aňlatmanyň ähmiýetini, zerurlygyny has giňden açyp görkezýär. Munuň özi, bir tarapdan, biziň döwletlerimiziň durmuş-ykdysady ösüşleriniň ýyl-ýyldan ýokarlanyp, ählumumy ösüşde öz orunlaryny berkitmegi bilen bagly bolsa, beýleki bir tarapdan, dünýäde syýasy-jemgyýetçilik, halkara gatnaşyklarda çylşyrymly ýagdaýlaryň, gapma-garşylyklaryň artmagy bilen bagly diýilse, megerem, dogry bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi iki yklymyň arasynda ýaýylyp ýatan ümmülmez giňişligiň merkezinde ýaşyl Tuguny belentde tutup, ösüşlerden ösüşlere barýan Türkmenistanyň, ähli türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň örän uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe bolan Türkmenistanyň ýoly, halkara gatnaşyklar strategiýasy tutuş türki halklaryň parahatçylykly, özara bähbitli ösüş ýoluny döwrüň talaplaryna görä dowam etdirmeklerine oňyn täsir edýär. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak ähli ösüşleriň ilkinji we esasy şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işler alnyp barylýar. Dünýäniň döwletleri bilen ýola goýulýan gatnaşyklarda medeni diplomatiýa hem möhüm ähmiýet berilýär. Çünki medeniýet we sungat halklary ýakynlaşdyrmakda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär» diýip, häzirki döwür üçin gymmatly pikiri beýan edýär.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.