«Hakyda göwheri» — ylham jöwheri

11 Dekabr 2024
138

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň üstünden ençeme ýyl aşan setirleriniň dür manysy henize-bu güne çenli dünýä derejesinde öwrenilmegini dowam edýär. Bu babatda alnyp barylýan işlere Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserler hem özüniň ägirt uly goşandyny goşýar. Ýaňy-ýakynda-da Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly hem-de buýsançly taryhymyzy, milli medeniýetimizi beýan edýän ajaýyp eseri okyjylar köpçüligine ýetirildi. Şahyrana döredijiligi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna deňelýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýuny bütin dünýä bilen bilelikde toýlaýan ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseriniň halk köpçüligine gelip gowuşmagy biz — Watan goragçylaryny çäksiz buýsanja besledi.

Çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan täze kitabyň daşky sahabynda şahyrana şahsyýetiň heýkeliniň hem-de Seýit Jemaleddin metjidiniň ýerleşdirilmegi ýaşlarymyzyň şanly geçmişimize bolan buýsanjyny, eşretli ertirlerine bolan ynamyny goşalandyrýar. Bu eserdäki: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýen jümleler ýaş nesliň aňynda milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini terbiýeleýär. Bu eseri okanyňdan soň, «Hakyda göwheri» — ýaşlarymyzyň ylham jöwheri» diýlen jilweli jümle biygtyýar diliňe gelýär.

Babajan MYRATGELDIÝEW,
Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.