Türkmen halky ähli döwürlerde kitaba uly sarpa goýup, ony gymmatly hazyna deňäpdir. Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza yzygiderli peşgeş berýän ajaýyp eserleri hem giň halk köpçüligi, ähli ýaşdaky adamlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň elimize gowuşmagy bütin il-ulsumyzyň göwnüni galkyndyryp, her bir güni uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserini okanyňda milli gymmatlyklarymyzy gorap, olary nesilden-nesle geçirmegiň, ata-babalarymyzyň ýoluna eýermegiň, şol bir wagtyň özünde-de döwür bilen aýakdaş gitmegiň ähmiýetine has aýdyň göz ýetirýärsiň. Halkymyzyň şöhratly taryhy, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy we medeni gymmatlyklary şu günki we geljekki nesiller üçin nusgalykdyr.