Bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlygy

4 Dekabr 2024
172

Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Murgap etrap ÝHB-niň DÝGB-niň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory Kakaly KELOW bilen duşuşyp, bilim-terbiýe edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

— Mekdeplerde we çagalar baglarynyň jaýynyň golaýyna barylýan ýollaryň, geçelgeleriň, ýangyna garşy peýdalanmak üçin niýetlenen suw çeşmeleriniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilip durulmalydyr. Ähli howuzlar wagtly-wagtynda suwdan doldurylyp durulmalydyr. Jaýlaryň ätiýaçlyk çykalgalary elmydama açyk ýagdaýda saklanylmalydyr. Olarda ýangyn söndüriji tehnikalar päsgelçiliksiz barar ýaly boşluklar bolmalydyr. Mekdep jaýlarynda himiýa barlaghanalary, fizika otaglary, okuw usulhanalary ýangyn howpuny döredýän esasy ýerlerdir. Adatça, ol ýerlerde ýanyjy materiallar, maddalar, ýeňil ot alýan suwuklyklar, gaz we spirt bilen ýakylýan çyralar, elektrik gurallary hem-de beýlekiler peýdalanylýar. Şonuň üçin tejribe geçirilip gutarylandan soň seljerişhanadaky we ussahanalardaky iş stollary tertibe salynmalydyr hem-de jaýyň içi süpürilip ýygnalmalydyr.