Zeýtun agajy gadymy döwürlerden bäri agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany hasaplanýar. Bu ynanç dünýäniň köp halklaryna ýaýrandyr. Gadymy Rimde patyşalar halk köpçüligi bilen duşuşmakçy bolanlarynda kellelerine täç hökmünde zeýtun baldagyny dakypdyrlar. Gadymy Rimde öýkeleşen dostlar ýaraşmak islänlerinde biri-birine zeýtun baldagyny ugradypdyrlar. Eliňe zeýtun baldagyny alyp barmak parahatçylyk, ynsanperwerlik maksady bilen barýandygyňy alamatlandyrypdyr.
Dünýä halklarynyň köpüsinde zeýtun agajy bilen bagly yrymlar, adatlar başga-da az däl. Bu yrym, ynançlar diňe bir zeýtun agajynyň baldagy, ýapragy bilen bagly bolman, eýsem, zeýtun ýagy bilen bagly ynançlarda hem duşýar. «Zeýtun ýagy diňe bir ýaralary bitirmän, eline çalan adamyň kalbyny hem ýumşadýar» diýlip ynanylypdyr.