Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz (Ýaş žurnalistiň sözi)

29 Noýabr 2024
199

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz döredijilik, pederlerimiziň döwletli ýoly, şöhratly geçmişimiz, nesilleriň özara baglanyşygy hakda çuňňur mazmunly çykyş edip, «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu hoş habar halkymyzyň medeni durmuşynda uly ähmiýetli waka bolup, her bir türkmenistanlynyň, şol sanda biz — ýaşlaryň hem köňül guşumyzy ganatlandyrdy.

DÖREDIJILIK — DÖWLETLILIK!

Muhammetnur MAHTUMOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».