Resmi habar

27 Noýabr 2024
280

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we ýaşaýyş jaýlaryny 2026-njy ýylyň noýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

(TDH)