Bagtyýar halkymyzyň abadançylygy ugrunda

26 Noýabr 2024
211

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşyň ähli ugurlaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, dürli ugurlarda bar bolan uly mümkinçilikleri nazara alyp, gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, daşary ykdysady işi has-da ösdürmek, içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün etmek, pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler bar.

«Ahal durmuşy».