Bedenterbiýe we sport

8 Noýabr 2024
228

Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasynyň bilelikde guramagynda Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Awaza» sport toplumynyň sport zalynda dzýudo boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi.

Boýdan-başa gyzgalaňly ýagdaýda geçen çempionatda sport mekdebimiziň türgenleri hem ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olardan Muhammetaly Myradow, Jemşit Hojamow (66 kg), Selman Nurimow (81 kg) 1-nji orna, Hojaahmet Ýusupow, Kerem Hashojaýew (50 kg), Annaoraz Bäşimow (60 kg), Amanmuhammet Amanmuhammedow (66 kg) dagy bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. Türgenleri ýaryşa mekdebimiziň dzýudo boýunça tälimçisi Rahman Şamedow taýýarlady.