Şöhrata beslenýän ýyl

7 Noýabr 2024
300

Bedew batly ösüşleriň ak ýolundan barha öňe barýan, günsaýyn özgerýän berkarar Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar kalplarda buýsanç duýgusyny döredýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şanly wakalaryň birnäçesine şaýat bolduk. Diýarymyzyň paýtagtynda we sebitlerinde açylyp ulanylmaga berilýän desgalar, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýän halkara forumlar, iri çäreler ildeşlerimiziň her biriniň watançylyk ruhuny belende göterýär.

Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegi, bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi şanly ýyldaky şöhratly wakalaryň biridir. Agzalan Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2-nji noýabrda Saglyk ýolundan geçildi, ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarynda gowy netije gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladan türgenlerimiz sylaglandy. Bu zatlar ildeşlerimizde aýratyn hoşallyk we buýsanç duýgusyny döretdi. Watanymyzy sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwren hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Güljahan GARAGULOWA,
Gökdepe etrap kazyýetiniň kanselýariýa müdiri.