Parahatçylygyň, dostlugyň, abadançylygyň nyşany

6 Noýabr 2024
246

Adamzat taryhynyň dowamynda dünýäde parahatçylygy, agzybirligi, abadançylygy berkitmekde, halklaryň we döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda sportuň ähmiýetiniň örän ýokarydygy öz subutnamasyna ençeme ýola eýe bolan hakykatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işleriň rowaçlyklara beslenmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň Ýer ýüzünde uly goldawa hem-de seslenmä eýe bolmagy eziz Watanymyzyň sport ýurdy hökmünde dünýäde gazanan ykrarnamasynyň barha pugtalanmagyny üpjün edýär. Taryhy jähetden alanyňda ujypsyz döwrüň içinde ýurdumyzyň çar künjeginde bedenterbiýe-sagaldyş hereketini umumymilli ýörelgä eýe etmeklige gönükdirilen döwrebap desgalaryň ençemesiniň gurlup ulanmaga berilmeginiň mysalynda hem köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrmagyň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigine bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi we ondan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň has-da öňe ilerleýändigini aýtmak aýratyn ýakymlydyr.

Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde gazanan belent ykrarnamasynyň has-da pugtalanmagynda eziz Diýarymyzda dürli ýyllarda guralan iri halkara ýaryşlaryň ähmiýeti hem örän ýokarydyr. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ajaýyp nyşanydyr» diýen sözleri hem tassyklaýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlary we beýleki iri ýaryşlar ýurdumyzyň dünýä möçberindäki bäsleşikleri iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge ukyplydygyny kemsiz subut etdi. Diýarymyzda geçirilen şol ýaryşlar sportuň parahatçylygyň ilçisidigini, dost-doganlygyň köprüsidigini, dünýäde birek-birege ynanyşmaga esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary pugtalandyrmakda ygtybarly serişde bolup durýandygyny aýdyň görkezdi.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».