Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda sportda gazanylýan ajaýyp üstünlikler dünýäde giňden ykrar edilýär. Häzirki wagtda türkmen sporty okgunly ösüşe eýe bolmak bilen, halkara abraýy barha arşa göterilýär. Türgenlerimiz halkara derejedäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bilen Döwlet baýdagymyzy al-asmanda parladyp, Watanymyzyň dünýädäki sport abraýyny artdyrýarlar. Sportda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň gözbaşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary durandyr.
Ýurdumyzda gysga taryhy döwrüň içinde döwrebap sport toplumlary, stadionlar guruldy, sport bilen meşgullanmaga, iri ýaryşlary geçirmäge ajaýyp mümkinçiliklerdir şertler döredildi. Berkarar Watanymyzda sport ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.