Sanly ulgamyň ýaş wekilleri

4 Noýabr 2024
349

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşiginde we sergisinde üstünlikli çykyş etdiler

Ýurdumyzda giňden durmuşa ornaşdyrylýan sanly ulgam özüniň sansyz mümkinçiliklerini eçilmek bilen birlikde, bu ugurda türkmen ýaşlarynyň gadamlarynyň barha ilerleýändigini aýan edýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň hereket etmegi netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiz innowasiýalardan, kompýuter-tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýarlar. Häzirki wagtda sanly ulgam boýunça uly üstünlikleri gazanyp, bu ugur bilen ykbalyny baglaýan ýaşlarymyz köpelýär. Oňa döwrümiziň «baýdak göterijileri», «geljegiň ylmy» hökmünde garaýarlar. Şeýle pikirli ýaşlaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylarynyň atlaryny agzamak bolar. Dört okuwçydan ybarat bolan topar şu ýylyň sentýabr aýynyň 21 — 25-i aralygynda Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşigine we sergisine (WICE – World invention competition and invention) gatnaşdylar. Ony Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy bilen MAHSA (Malaysian Allied Health Sciences Academy) uniwersiteti bilelikde gurady.

«Güneş».